

Airbus Aziýada barha artýan isleg sebäpli uçar önümçiligini ýokarlandyrýar
Ýewropanyň uçar gurluşyk ägirdi Airbus howa gatnawçylaryndan we lizing kompaniýalaryndan 20 ýylda 40,85 müň täze raýat uçary üçin sargyt bermegine garaşýar.


Ýewropanyň uçar gurluşyk ägirdi Airbus howa gatnawçylaryndan we lizing kompaniýalaryndan 20 ýylda 40,85 müň täze raýat uçary üçin sargyt bermegine garaşýar.


«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň sanly işler ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi saýtynda habar berilýär.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça, öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanmak arkaly “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň açylyşyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Russiýa we Gazagystan nebiti Gazagystanyň üsti bilen daşamak baradaky şertnamany 2033-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada karara geldiler – diýip, Trend habar berýär.


Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar (ПМЭФ-2023) Täze görnüşdäki telekeçileriň uniwersitetini döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar.


Russiýanyň IIM-niň Döwlet awtoulag gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde sürüjilik şahadatnamalaryny we ulag serişdesiniň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany sanly kod görnüşinde görkezmek mümkinçiligini hödürlemäge taýýar. Şunda olary asyl nusgasy bilen tassyklamak zerurlygy ýokdur.


Bäş ýyl synagdan soňra Singapurda polisiýa robotlary peýda bolarlar.


Sişenbe güni, 20-nji iýunda akademiýanyň galereýasynda Amerikaly suratkeş Eými Eriksonyň we Türkmenistanyň Döwlet döredijilik akademiýasynyň talyplarynyň işleriniň sergisi açylar.


Pakistanyň Federal Ministrler Kabineti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasy üçin bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasyny tassyklady.


Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gyrgyz teatrynda sahnalaşdyrylan “Pyragy” atly spektakl dostlukly döwletde meşhurlyga eýe bolýar. Dostlukly döwletiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken sebit sazly-drama teatrynda goýlan sahna oýny eýýäm ikinji gezek gyrgyz tomaşaçylaryna lezzet paýlady. Gündogaryň beýik akyldar şahyryna bagyşlanan sahna eseri ilkinji gezek iki aý mundan ozal gyrgyz tomaşaçylaryna ýetirilipdi.


26-njy gezek geçirilýän Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde 16-njy iýunda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen gepleşikleri geçirdi.


19-njy iýunda Astana şäherinde Gazagystanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Oňa sebit döwletleriniň parlament, raýat jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy hem gatnaşar.


Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramagynda “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” ady bilen ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.


Gümrük gulluklarynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça maslahatlar Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasynyň (BOMKA 10) Astana şäherinde geçirilen seminaryň barşynda işlenip düzüldi.