

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.



















