HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

Sentýabr 25, 2023 | 21:06 |7728
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp bu ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Brifinge TV-24, «1TV» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week» hususy maslahat beriş we neşirýat kompaniýasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» neşiriniň wekilleri, şeýle hem «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň habarçylary gatnaşdylar.

1 (33).jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow brifingde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan uly özgerişlikler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

2 (41).jpg

Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinde eden maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm ugurlar beýan edilendigi barada bellenildi.

3 (23).jpg

Yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagynyň, köp ugurly medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigi aýratyn nygtaldy.

Brifinge gatnaşyjylara ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, şeýle-de türkmen taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo görkezildi. Brifingiň çäginde ilçihanada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem türkmen halkynyň medeni we sungat eserlerine bagyşlanan sergi gurnaldy.

4 (20).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026