

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy
8-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.


8-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we el halylary satyldy.


Şençžen şäherinde Hytaýyň “Tencent” tehnologiýa korporasiýasynyň täze ştab-kwartirasyna öwrüljek “aýlawly” beýik binalaryň toplumy gurlar. Taslama Ole Şireniň binagärlik býurosy tarapyndan amala aşyrylýar.


2023-nji ýylyň 4-7-nji dekabrynda Yslam ösüş banky Aşgabatda dört günlik okuw maslahatyny geçirdi.


Pantone reňk institutynyň bilermenleri “şetdaly tüýjümegi” reňkini 2024-nji ýylyň esasy reňki diýip yglan etdiler. Bu barada Tengri Life habar berýär.


Russiýada uly göwrümli ýük ulaglarynyň awtomobil ýollarda hereket etmegi üçin ýörite rugsatnamalary bermegiň möhleti gysgaldyldy.


Merkezi edarasy Wenada ýerleşýän we halkara guramalar bilen ýerli häkimlikleriň arasynda aragatnaşyk saklaýan suw we daşky gurşaw pudaklarynda ýöriteleşen global konsalting we inženerçilik kompaniýasy bolan “Hydrophil”-iň hünärmenleri Türkmenistana geldi we gyzyklanýan taraplar bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Aşgabatdaky we Daşoguz welaýatyndaky suw we oba hojalygy pudaklaryna bardy. Bu ara alyp maslahatlaşmalar, Türkmenistanyň paýtagty we demirgazyk welaýaty derejesinde howanyň töwekgelçiligine we suw baýlyklarynyň we oba hojalygynyň gowşak goralýan ýerlerine baha bermäge hyzmat eder.


"Türkmenhowaýollary" agentligi şu ýyl hödürlenýän hyzmatlaryň mukdaryny ýokarlandyrmakda ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklarynyň arasynda has uly ösüşe eýe boldy.


Ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistanda “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.


2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% boldy. Bu döwürde ýurtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6% köp önüm öndürildi.


8-nji dekabrda Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 100-nji ýubileý mejlisi geçirildi. Duşuşyga GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew ýolbaşçylyk etdi.


7-8-nji dekabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde “GDA agza ýurtlaryň maglumat ulgamyndaky özara gatnaşyklary barada” ady bilen agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.


Türkmenistandaky “Dragon Oil” 2027-nji ýyla çenli önümçilik ýerlerinde gazyň ýanmagyny doly bes eder. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda "Nebit we gaz dekarbonizasiýa düzgünnamasy" şertnamasyna gol çekişlik dabarasynda aýtdy.


“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasynyň birinji gatyndaky 90 orunlyk mejlisler zalyny döwrebap kinoteatra öwürmek boýunça bäsleşik yglan etdi.


Ýewraziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.


Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi hökümetiň ýurtda wagt hasaplamagyny kadalaşdyrýan kararyna üýtgetme girizmek üçin taslamany hödürledi.