HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 13,8 göterim artyk ýerine ýetirildi

Dekabr 08, 2023 | 23:59 |7599
Ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistanda “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.Ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistanda “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi.
Çeşme: orient.tm

Ýanwar – noýabr aýlarynda Türkmenistanda “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 116,1 göterim ýerine ýetirildi.

Gazanylan görkezijiler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow 8-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Halkara Bitaraplyk güni hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu hünär baýramyny döretmek başlangyjy 2009-njy ýylda “Türkmenistan – Hytaý” gaz geçirijisi işe girizilen gününde öňe sürüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026