

Kosmonawt Oleg Kononenko HKS-de ýolbaşçylygy kabul edip aldy
Rus kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda ýolbaşçylygy kabul edip aldy. Bu barada “Roskosmos” döwlet korporasiýasy habar berýär.


Rus kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda ýolbaşçylygy kabul edip aldy. Bu barada “Roskosmos” döwlet korporasiýasy habar berýär.


Gazagystanda 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Geljegiň oýunlaryna» taýýarlyk görlüp başlandy.


2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Zurab Honelidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Niderlandlaryň Eýndhowen şäherinde ýekşenbe güni dünýäniň medeni dürlüligini görkezýän çäre - Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi guraldy.


Wena şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Awstriýanyň daşary işler ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy.


Iki sany türkmen ÝOM-niň - Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary 11-nji martda duşenbe güni Awstriýanyň Gras Tehniki uniwersitetine baryp gördüler.


Režissýor Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» atly filmi 69-njy «Oskar» dabarasynda «Iň gowy film» ugry boýunça ýeňiji boldy. Film 13 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenip, şolaryň ýedisinde – iň gowy motaž, iň gowy operatorlyk işi, iň gowy ses ýazgysy ugurlarynda ýeňiji boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.


Statistikalara maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Hytaýyň serhedinden, takmynan, 424 million syýahat amala aşyryldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 266,5 göterim köpdür. Olardan 206 million syýahat yklymyň ýaşaýjylary, 183 milliony bolsa Gonkongyň, Makaonyň we Taýwanyň ýaşaýjylary tarapyndan amala aşyryldy. Bu görkeziji hem degişlilikde, 218,7 we 292,8 göterim ýokarlandy. Serhetlerden geçýän daşary ýurtlularyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 693,1 göterim artdy we takmynan, 35,48 million adama ýetdi diýip, «People’s Daily» neşiri habar berýär.


2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşyjylary hasaba almak işleri dowam edýär. Forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.


Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.


Aşgabatda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna badalga berildi. “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiada mekdep okuwçylarynyň gyzyklanmasy diýseň ýokary boldy. Ilkinji tapgyra gatnaşan 25 müňe golaý okuwçy öz zehinlerini açyp görkezmek üçin Zehin soraglary (IQ test), Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça ýumuşlary türkmen dilinde ýa-da dil başarnygyna laýyklykda iňlis dilinde ýerine ýetirdiler. Ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda 2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen integrirlenen olimpiadanyň meseleleriniň çözüliş usullary uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilipdi.


Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 18 ýaşa çenlileriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň 3-nji diwizionyndaky “B” toparçadaky oýunlarda kümüş medal gazandy. Oýunlar Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Keýptaun şäherinde geçirildi.


Saratowyň N.G.Çernyşewsk adyndaky milli barlaglar döwlet uniwersitetiniň alymlary Türkmenistanda bellenýän Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyp bilerler.


Kiçi haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna baran türkmenistanly zyýaratçylar Patyşalygyň Yslam işleri boýunça ministrliginiň “Iki mukaddesligiň goragçysy” maksatnamasy boýunça syýahat etdiler.


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny iberdi. Özbek Lideriniň gutlag haty şu gün resmi metbugatda çap edildi.