Habarlar

Halal lukmançylyk syýahatçylygy: Russiýa yslam ýurtlaryndan gelýän hassalaryň sany artýarHalal lukmançylyk syýahatçylygy: Russiýa yslam ýurtlaryndan gelýän hassalaryň sany artýar

Halal lukmançylyk syýahatçylygy: Russiýa yslam ýurtlaryndan gelýän hassalaryň sany artýar

2020-nji ýyldan bäri Russiýada 17,5 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlar lukmançylyk hyzmatlaryny aldylar. Olaryň aglaba bölegi Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlaryndandyr. Ilkinjileriň hatarynda Özbegistan (22%), Täjigistan (20%), Gyrgyzystan (5%), Gazagystan (5%) bar. Türkiýeden bolsa, 67 müň 200 adam lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalandy. Bu maglumatlar “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” 15-nji halkara ykdysady forumynda beýan edildi.

Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildiUkrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildi

Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildi

2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.

Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Söwda geňeşçisi Senýor Leo Karmelo bilen söhbetdeşlikItaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Söwda geňeşçisi Senýor Leo Karmelo bilen söhbetdeşlik

Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Söwda geňeşçisi Senýor Leo Karmelo bilen söhbetdeşlik

Döwletleriň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar olaryň ykdysady ösüşinde möhüm faktor bolup durýar. Söwda geňeşçisi bilen geçirilen söhbetdeşlik bu gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olaryň ösüşiniň geljegi barada möhüm maglumatlary berip bilýär. Bu günki söhbetdeşimiz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Söwda geňeşçisi Senýor Leo Karmelo bolup, ol söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi barada bize gürrüň berer we eksport işini başlamak üçin telekeçilere käbir maslahatlary berer.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisiniň Ukrainanyň döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirlen duşuşygyTürkmenistanyň Ukrainadaky ilçisiniň Ukrainanyň döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirlen duşuşygy

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisiniň Ukrainanyň döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirlen duşuşygy

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler. Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.