Habarlar

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetirilerArkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler

Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.

Türkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan sport ýaryşy guraldyTürkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

Türkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Hyrat şäheriniň «Mirwais Sadek» sport toplumynda Baş konsullyk tarapyndan Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat toparlaryň arasynda futzal boýunça ýaryşy guraldy.

Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aşgabatda geçirilen halkara ylmy maslahatda çykyş etdiTatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aşgabatda geçirilen halkara ylmy maslahatda çykyş etdi

Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aşgabatda geçirilen halkara ylmy maslahatda çykyş etdi

Şu gün, 12-nji iýunda, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow Aşgabatda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleriniň öňünde çykyş etdi.