

Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler
“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär.


“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär.


Saud Arabystan Patyşalygy Er-Riýadda Luwra meňzeş çeperçilik galereýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Prinston uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar barlag kafedrasynyň professory Bernard Heýkeliň sözlerine salgylanyp, The Times habar berýär. Professor Heýkel Saud Arabystan Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet ben Salman Al Saudyň dostudyr.


Respublikanyň Milli maglumat agentliginiň habar bermegine görä, Özbegistanda senagaty dolandyrmagyň dik çyzykly ulgamy döredilýär.


Sişenbe güni, 20-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy.


Azerbaýjan BRIKS düzümine girmek üçin resmi ýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu barada Respublikanyň Daşary işler ministrligiiň press-sekretary Aýhan Gajizade habar berdi.


Türkmen sazandalarynyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän “Magtymguly sözlär dili türkmeniň” atly dabaraly konserte gatnaşmak üçin Moskwa şäherine bardylar.


20-nji awgustda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Amerikan diplomaty bilen bolan duşuşygy daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow geçirdi.


Pekinde Beýik Hytaý diwarynyň Badalin böleginde dron arkaly çalt eltip-berme hyzmatynyň ilkinji ugry girizildi. Bu barada Badalin syýahatçylyk zolagynyň dolandyryşyna salgylanyp, China Daily habar berýär. Şeýlelikde, syýahatçylar gysga wagtyň içinde tomusky gumanitar kömegini we ilkinji zerurlyklaryny alyp bilerler.


“Роскосмос” Döwlet korporasiýasynyň düzümine girýän “Спутниковая система “Гонец” kompaniýasy “Гонец-Автономный” atly kompaniýasy şahsy aragatnaşyk üçin täze ykjam hemra terminalynyň barlaglaryny üstünlikli tamamlady. Bu barada korporasiýanyň saýtynda habar berildi.


Russiýa wiza almak isleýän daşary ýurtly raýatlar şahsy söhbetdeşligi geçmeli. Interfaksyň bellemegine görä, 2003-nji ýylyň daşary ýurtly raýatlaryna wiza bermek baradaky düzgünlerine degişli üýtgeşmeler ýurduň hökümeti tarapyndan girizildi.


Duşenbe güni, 19-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň we ýeňil senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi.


Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş milli komissiýasynyň Halkara tejribe aylş we hyzmatdaşlyk merkezi türkmenistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oftalmolog-bilermenlerini we saglygy goraýyş pudagynyň wezipeli işgärlerini tanyşdyrylyş sapary bilen Sianda ýerleşýän "Eyedeal Medical Technology Co., Ltd." kompaniýasyna çagyrdy.


"ISNA" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen üç günlük duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersitetiniň wekilleri iki ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmekde we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň giň ýol açjakdygyny bellediler.


Oktýabr aýynyň 26-na çenli aşakdaky ugurlar boýunça ýörite promotarif hereket edýär: Moskwa-Minks-Türkmenbaşy we Moskwa-Minks-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg.


“KidsExpo: ähli zat çagalar üçin” Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy türkmen paýtagtynyň şäher durmuşynda ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi.