HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa wiza almak üçin daşary ýurtly raýatlar söhbetdeşlik geçerler

Awgust 20, 2024 | 11:17 |8388
Russiýa wiza almak isleýän daşary ýurtly raýatlar şahsy söhbetdeşligi geçmeli. Interfaksyň bellemegine görä, 2003-nji ýylyň daşary ýurtly raýatlaryna wiza bermek baradaky düzgünlerine degişli üýtgeşmeler ýurduň hökümeti tarapyndan girizildi.Russiýa wiza almak isleýän daşary ýurtly raýatlar şahsy söhbetdeşligi geçmeli. Interfaksyň bellemegine görä, 2003-nji ýylyň daşary ýurtly raýatlaryna wiza bermek baradaky düzgünlerine degişli üýtgeşmeler ýurduň hökümeti tarapyndan girizildi.
Çeşme: profile.ru

Russiýa wiza almak isleýän daşary ýurtly raýatlar şahsy söhbetdeşligi geçmeli. Interfaksyň bellemegine görä, 2003-nji ýylyň daşary ýurtly raýatlaryna wiza bermek baradaky düzgünlerine degişli üýtgeşmeler ýurduň hökümeti tarapyndan girizildi.

“Daşary ýurtly raýatyň Russiýa Federasiýasyna gitmeginiň maksadyny we Russiýa Federasiýasynyň çäginde bolmak şertlerini tassyklaýan maglumatlaryň dogrulygyny goşmaça barlamak maksady bilen daşary ýurtly raýata wiza bermek meselesine garalýan döwründe ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň işgäri tarapyndan onuň bilen şahsy söhbetdeşlik geçirilýär” – diýip, düzgünlere girizilen üýtgeşmelerde aýdylýar.

Bu çözgüt Russiýa Federasiýasyna gitmeginiň we ol ýerde bolmak şertleriniň maksadyny barlamak bilen Kabul edildi. Munuň bilen baglylykda, söhbetdeşligiň dowamynda daşary ýurtly raýat onuň gitmek maksadyny tassyklaýan resminamalary görkezmäge hukuklydyr.

“Raýatlyk degişliligi bolmadyk döwletde wiza alýan daşary ýurtly raýata şol ýurtda 180 günden köpräk wagt ýaşamak baradaky rugsatnamanyň bolmagynyň şerti bilen wiza düzedilýär we berilýär”, - diýip resminamada aýdylýar.

Russiýa Federasiýasyna üstaşyr wizasyny daşary ýurtly raýat bu şerti ýerine ýetirmeksiz hem alyp bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026