Habarlar

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldyIFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldyAşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

23-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda täze ýaşaýyş jaylarynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Toplumyň çäginde 90-dan gowrak iki gatly kottej görnüşli jaýlar ýerleşýär. Şeýle-de, bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi we Malikguly Berdimuhamedow adyndaky muzeý gurlup, ulanmaga berildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdyMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, itellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy. Okuw 13-21-nji ýanwar aralygynda gecirildi.