Habarlar

BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdiBOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi

BOMCA Türkmenistanda serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagy boýunça milli seminaryny geçirdi

2025-nji ýylyň 3-7-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Serhetleriň integrirlenen dolandyrylmagynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak we onuň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça milli seminar geçirildi. Seminar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi we BMG-niň Terrorçylyga garşy merkezi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldyHyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagyHalkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasyny geçirdiTürkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasyny geçirdi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasyny geçirdi

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.