

TNGIZT-niň Hünär-tehniki okuw mekdebine talyplaryň kabul edişligi dowam edýär
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri nebit senagatyna degişli we onuň bilen bagly birnäçe hünär ugurlary boýunça okuwlara çagyrýar. Dalaşgärleriň resminamalary 1-nji iýuldan kabul edilip başlanyp, 25-nji awgusta çenli kabul edilýär.



















