

Paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky uniwersitet zehinli mekdep okuwçylary üçin tomusky lageri gurnar
Aşgabatda ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda milli olimpiada 10 günlük tomusky lager görnüşnde geçer. Şeýle intellektual ýygananyşygy öz çäklerinde paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gurar. Bu ýokary okuw mekdebi hem okuwçylaryň arasynda bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.



















