

ŞHG-sy ýurtlarynyň ýaşlary «Şençžou-15» kosmos gämisiniň ekipažy bilen aragatnaşyga girdi
HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.


HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.


Türkmen türgeni Anastasiýa Morgenştern 18-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Daşkentde geçýän dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň dördünji güni altyn medala mynasyp boldy.


SpaceX-iň baştutany Ilon Mask kompaniýanyň aşa agyr raketa Starshipiň täze uçurylyşyna 1-2 aýdan taýýar boljakdygyny beýan etdi – diýip, «Interfaks» habar berýär.


28-nji aprelde 2015-nji ýylda Türkmenistanyň birini milli hemra aragatnaşygynyň TürkmenÄlem 52°E orbita çykarylmagyna 8 ýyl dolýar. Şol wagtdan bäri hemra Türkmenistanda berilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmekde, olaryň elýeterliligini üpjün etmekde möhüm goşant goşdy.


Ýurdumyzyň Baş prokuraturasynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň wekilçilik etmeginde Türkmenistan ÝHHG-nyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Birleşmesiniň Wenada geçen 23-nji maslahatyna gatnaşdy.


Jemal Agajanowa – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby 1-nji orny eýeledi we Londonda onlaýn geçirilen skripka ýerine ýetirijileriniň halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy. Abraýly saz bäsleşigi Angliýanyň paýtagtynda dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça sazandany bir ýere jemledi. Ýeňijiler tomus möwsüminde Parižde bilim, ylym, medeniýet we sungat pudagynda her ýylky dabarasynda «Iň gowudan iň gowusy» baýragy bilen sylaglanarlar.


Penşenbe güni, Aşgabatda DÖM-nyň ýaş ilçileri, şeýle hem UNISEF-iň we Fransiýanyň Bouygues Turkmen kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Halkara Ýer Gününiň öňüsyrasynda daşky gurşaw boýunça çäre geçirildi. Carbon Co-Working okuw merkeziniň çäginde, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 17 nyşany hökmünde 17 agaç nahallaryny ekdiler.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin wise-premýer Tatýana Golikowa bilen söhbetdeşlikde "Ilkinjileriň hereketi" ýaşlar hereketine degişlilikde "pionerler" adalgasyny ulanmak meselesine garamagy teklip etdi. Wise-premýer bu teklibi ýaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmagy wada berdi -diýip, TASS habar berýär.


Meşhur fransuz parfýumeri we ylmy geňeşçi Maýkl Moiseýew öz barlaghanasynda Aýyň ysyny döretdi. Aý ysyny döretmäge ony 1969-njy ýylda Aýyň üstüne aýak basan Nil Armstrongdan soň ikinji adam, “Apollon-11” missiýasyna gatnaşan kosmonawt Bazz Oldriniň Aý barada beren gürrüňleri höweslendirdi – diýip, Nature žurnaly habar berýär.


Garagum Nonwoven türkmen kärhanasy, 18-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda Ženewada geçirilýän dokma däl materiallaryň «INDEX 23 World's Leading Nonwovens Exhibition» halkara sergisine gatnaşýar. Kompaniýa, Türkmenistanda bu önümleri ýeke-täk öndüriji bolup, giň gerimi Ýewropanyň iň uly sergi meýdançalarynyň birinde görkezildi.


Dabara daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdy.


2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyna laýyklykda düýp maýanyň sarp edilişini hasaplamagyň meseleleri BMGÖM-y tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri üçin guralan iki günlük okuwyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy şahyrlaryň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň we döredijilik ugrundan okaýan talyplaryň duşuşygyny gurady, onuň dowamynda beýan etmegiň häzirki zaman usullary ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Türkmenistan Ysraýyl bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekligi meýilleşdirýär we ol ýurtda öz ilçihanasyny açmak mümkinçiligine garaýar.


Çarşenbe güni, 19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $24,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 21 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.