HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-sy ýurtlarynyň ýaşlary «Şençžou-15» kosmos gämisiniň ekipažy bilen aragatnaşyga girdi

Aprel 22, 2023 | 11:32 |6725
HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.
Çeşme: t.me

HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.

Çäräni Pekindäki döwlet rezidensiýasy «Dýaýuýtaýda» Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň hoşniýetli goňşyçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk Topary Hytaýyň milli älem müdirligi we Umumyhytaý ýaşlar federasiýasy bilen bilelikde gurnady. Ol ŞHG-y ýurtlarynyň ýaşlarynyň kosmonawtika babatynda bilimlerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilipdi.

Hytaý kosmonawtlary bilen aragatnaşyk seansy birwagtda köp ýurtlarda: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Pakistanda, Russiýada, Täjigistanda, Özbegistanda, Hindistanda, Eýranda, Belarusda we beýlekilerde geçdi. Dört ýüz kilometr beýiklikde hytaý kosmiki stansiýasy «Týangunyň» bortunda ýerleşmek bilen, kosmonawtlar ýaş adamlaryň soraglaryna jogap berdiler. Olar kosmosdaky iň çylşyrymly meseleler barada, taýkonawtlaryň ( Hytaýyň älem maksatnamasynyň çäginde işleýän kosmonawtlar) nähili ýaşaýandyklary hakynda we dynç günleri olaryň näme bilen meşgullanýandyklary hakynda soradylar.

«Kosmonawtikanyň ösüşi diňe bir kosmos bilen çäklenmeýär, ol ähli ugurlarda tehnologiki öňe gidişlige alyp barýar. Meselem, kosmiki seleksiýa bize has önümçilikli we zyýankeşlere we kesellere garşy has durnukly tohumlary almaga kömek edýär, kosmiki tehnologiýalary bolsa raýat senagat desgalarynda hem ulanmak bolýar» – diýip, öz çykyşynda ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min aýtdy, guramanyň köp agza-ýurtlarynyň adamzat tarapyndan älem giňişliginiň özleşdirilmegine görnükli goşant goşandyklaryny nygtady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

ŞHG sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 21, 2026
Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

Kuala-Lumpuryň üstünde tüsseli duman iki hepde bäri saklanýar

17:00 Oktýabr 21, 2026
Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Wan I Ýewraziýa saparynyň netijelerini jemledi: ynam, dostluk, hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

15:00 Oktýabr 21, 2026