

Türkmenistanda Kipriň täze ilçisi öz işine başlady
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa duşenbe güni Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Kipros Ýorgallisden (esasy iş edarasy Moskwada ýerleşýär) ynanç hatyny kabul etdi.


Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa duşenbe güni Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Kipros Ýorgallisden (esasy iş edarasy Moskwada ýerleşýär) ynanç hatyny kabul etdi.


Adaty gül festiwaly şu ýyl Namangan şäherinde 62-nji gezek açyldy. Hoşboý ysly we owadanlygy boýunça ajaýyp baýramçylyk täze güller bilen bezelen ulaglaryň gatnaşan awtomobil korteži bilen başlandy. 200- den gowrak awtoulag - seýrek modeller, retro stilindäki awtoulaglar, häzirki zaman jipler, ýük awtoulaglary, gurluşyk we hatda kombaýnlar welaýat merkeziniň köçelerinden geçdiler. Olar, dürli görnüşli geň nagyşlary we bezegleri döreden 30 müňden gowrak täze güller bilen bezelipdir, - diýip «Dunýo» habarlar agentligi habar berýär.


25-nji maýdan 28-nji maý aralygynda Özbegistanda Rally Muynak halkara ekstremal awtoulag ýaryşy, şeýle hem elektron saz reýwleri geçer. Podrobno.uz agentliginiň habar bermegine görä, 425 kilometrlik ýaryş ýoly Garagalpagystanyň Muynak etrabyndan geçýär, bu aralygyň köp bölegi - Aral deňziniň gury düýbüniň we Üstyurt düzlüginiň üstünden geçýär.


Tomus, gidýän baharyň «ökjesine basyp» has ynamly öwrümleri we derejeleri eýeleýär. Bu hepde howa maglumaty, termometriň +39 ýokarlanjakdygyny we Mary welaýatynda şeýle boljakdygyny habar berýär. Dynç günleri yssy + 36°C-e düşer.


Gruzin-türkmen dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gruziýanyň parlament wekiliýeti Aşgadaba iş saparyny amala aşyrýar.


Duşenbe güni Beýik Britaniýanyň täze ilçisi Stiwen Konlon Türkmen Daşary işler ministrligine öz şahsyýetnamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşyk Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew tarapyndan geçirilip, ol iňlis diplomatyny wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň ilçihananyň işine ýardam hem-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň özboluşly Gala konserti 27-nji maýda Aşgabatda geçiriler. Uly çagalar horunyň hem gatnaşjak saz çäresi Çagalar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen paýtagtyň Mukam köşgünde geçiriler.


Retro stiline mahsus bolan konsert Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň wokal bölüminiň dürli ýyllardaky uçurymlary tarapyndan berler. Aýdym-saz meýdançasynda 80-nji ýyllaryň türkmen estrada ýyldyzlary - Maýa Omadowa, Ýelena Oreşkina, Töre Şabasanow, Nina Ýarsewa, Aleksandr Ýerhan, Hasar Atamyradow dagylar çykyş ederler.


Şenbe güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3 mln amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Hytaýyň BYD Autoulag kompaniýasy we UzAuto Motors özbek kärhanasy eýýäm şu ýylyň güýzünde Özbegistanda her ýylda 50 müňden gowrak elektromobil öndürjek BYD Uzbekistan Factory kärhanasyny açarlar – diýip, ixbt.com. habar berýär.


Maryda ýetginjekleriň we gyzlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy, ol ýurduň ähli welaýatlaryndan 150-ä golaý türgeni ýygnady.


Dubaý emeli intellekt tehnologiýasyny (EI) ulag akymyny seljermek we ýollarda döreýän dyknyşyklary azaltmak üçin ulanar.


2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Hazar turbageçiriji konsorsiumy tarapyndan nebitiň daşalyşy artdy – diýip, Gazagystanyň «KazMunaýGaz» milli kompaniýasyna salgylanyp, Trend habar berýär.


Türkmen talyplary 22-nji maýdan 26-njy maý aralygynda Daşkentde geçiriljek «Türki dilli dünýäniň Talyplar teatrlarynyň festiwalyna» gatnaşarlar – diýip, Sputnik Uzbekistan habar berýär.


Türkmen dzýudoçylary 25-nji maýdan 27-nji maý aralygynda Lensede geçjek Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar.