

Türkmenistan Kazanda geçiriljek bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşar
7-nji iýundan 9-njy iýuna çenli Kazanda bilim ministrleriniň Halkara forumy geçiriler, oňa 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.




















