HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GoChess akylly tagta düýbünden täze usulda küşt oýnamaga mümkinçilik berer

Maý 27, 2023 | 12:09 |14940
Elektron oýunlary işläp düzmek boýunça Ysraýylyň Particula startapy uzakda ýerleşýän bäsdeşler ýa-da emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasyny hödürleýär.Elektron oýunlary işläp düzmek boýunça Ysraýylyň Particula startapy uzakda ýerleşýän bäsdeşler ýa-da emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasyny hödürleýär.
Çeşme: techcult.ru

Elektron oýunlary işläp düzmek boýunça Ysraýylyň Particula startapy uzakda ýerleşýän bäsdeşler ýa-da emeli intellekt bilen oýnamak üçin GoChess atly «akylly» küşt tagtasyny hödürleýär.

GoChess çylşyrymly elektron düzümi bilen üpjün edilendir,ol küşt tagtasyny akylly robotlaşan gajete öwürýär.

Oýna başlamak üçin Bluetooth arkaly ýörite goşundyny birikdirmeli, şeýlelik bilen küşt onlaýn-platformalarynyň birinde hasaba alnan uzakdaky hyzmatdaş bilen aragatnaşygy ýola goýmaly.

Soňra birinji göçüm edilýär. Haçanda uzakdaky hyzmatdaş göçüm edende, hakyky tagtadaky küşt malyny tagtanyň aşagynda ýerleşen magnitli robot geçirýär.

GoChess bu oýna täze başlaýan küştçülere aýdyp berip bilýär. Meselem, haçanda nobatdaky göçümiň öňüsyrasynda küşt malyny eline alanda oýunçy onuň birnäçe wariantlaryny görýär, olar tagtada dürli şekiller görnüşinde yşykdoidyň ýagtylandyrmasy bilen görkezilýär, ol ýerde gyzyllar – küşt malynyň «iýiljekdigini», mämişi reňkler - esassyz töwekgelçiligiň bardygyny, ýaşyl reňk bolsa – iň oýlanyşykly warianty aňladýar.

Isleg bildirilende emeli intellekt bilen 32 çylşyrymlyk derejesindäki oýny oýnap bolýar. Ähli oýnalan döwler we olaryň netijeleri gurluşyň ýadynda saklanýar.

GoChess «akylly» tagtanyň satuwlarynyň başlanmagyna bir ýyldan garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
OpenAI we Google uly dil modelleriniň bahalaryny arzanladýarlar

OpenAI we Google uly dil modelleriniň bahalaryny arzanladýarlar

14:00 Awgust 24, 2026