

China daily: Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi
Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygynyň hukuk teksti soňuna çenli işlenildi – diýip, ýurduň söwda ministrligine salgylanyp, China daily habar berýär.


Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygynyň hukuk teksti soňuna çenli işlenildi – diýip, ýurduň söwda ministrligine salgylanyp, China daily habar berýär.


Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.


Türkmenistanda çykyş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygy goraýyşy babatynda adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik etmeklige bagyşlanan kaskad okuwlary geçdi.


Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Hytaýdan Özbegistana tarap ýola düşdi. Bu ýük otlusy özünde metal gurluşlary, poslamaýan turbalary özünde jemleýär diýip, “China daily” habar berýär.


2024-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Kanwondo şäherinde ýaşlaryň arasynda ilkinji gyşky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Häzirki wagtda oýunlarda gowşuryljak medallaryň dizaýny tanyşdyryldy. Ol özünde Kanwondo sebitiniň gözel ýerleriniň keşbini özünde jemleýär.


BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak ugrunda birleşmek çäresine goşuldy. Bu ählumumy çäre degişli ählumumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde raýatlary jebisleşmäge çagyrýar.


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken 7-nji iýulda sintetik neşe serişdelerine garşy bütindünýä koalisiýa gurmak üçin onlaýn ministrler konferensiýasyny çagyrdy. Bu çärä 60 töweregi ýurt we halkara guramalar gatnaşdy.


Türkmenistan ÝUNESKO-nyň birnäçe institutyna we toruna goşular. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurdumyz onuň halkara maksatnamalaryna we ýöriteleşdirilen bölümleriniň işine gatnaşmagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.


Balkan welaýatynyň däne öndürijileri bugdaý hasylyny ýygnamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdiler. Bu barada mejlisiň dowamynda oba hojalygynyň wise-premýeri wezipesine bellenen, deňiz ýakasy sebitiniň öňki häkimi Taňryguly Atahallyýew anna güni geçirilen türkmen hökümetiniň mejlisinde aýtdy. Ol, bu wezipede saglyk ýagdaýy sebäpli işinden çekilen Annageldi Ýazmyradowyň ýerine geçdi.


ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan ýol resminamalarynyň howpsuzlygy boýunça tälimçiler üçin gurnalan okuw seminarlarynyň tapgyry anna güni deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde tamamlandy. Bilermenler umumy we çuňlaşdyrylan okuw maksatnamalary boýunça sapak geçdiler we mundan beýläk-de ýerlerde işgärleri taýýarlamak üçin materiallar toplumyny aldylar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradow saglyk ýagdaýy sebäpli, öz islegi boýunça eýeleýän wezipesinden boşadyldy.


Geljegiň kinomediaklasteri Moskwanyň gündogarynda ýerleşer. Anna güni şäheriň meri Sergeý Sobýanin Golliwud we Bolliwud ýaly bäsdeşlige ukyply kino platformasyny döretmek boýunça işleriň gidişi bilen tanyşdy – diýip, TASS habar berýär.


Arkadag şäheri öz telefon kodyny - +993 12 ýa-da 8 00 12 aldy. Ol Aşgabat şäheriniň kody bilen meňzeş.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy 16-njy iýulda iki täze ugurda - Milana (Italiýa) we Şençžene (Hytaý Halk Respublikasy) ýük daşamaga başlar. Uçuşlar hepdede bir gezek Airbus A330-200 P2F ýük uçarlary tarapyndan amala aşyrylar diýip, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň metbugat gullugy habar berýär.


TPP D 30 S kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy - 25,5 müň ТМТ), nah ýüplügi (her kg-nyň bahasy - $2,10), flanel mata (her inedördül metriniň bahasy - $0,27) we agardylan pagta süýümi (her kg-nyň bahasy - $1,70) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda penşenbe güni, 6-njy iýulda islege eýe boldy.