

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi gutlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly Şawkat Mirziýoýewi ýakynda Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk özbek halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.




















