Habarlar

Üýtgeşik hekaýalary we taslamalary döretmek üçin köp platformaly sanly beýan etmeÜýtgeşik hekaýalary we taslamalary döretmek üçin köp platformaly sanly beýan etme

Üýtgeşik hekaýalary we taslamalary döretmek üçin köp platformaly sanly beýan etme

Maglumat akymy, fon sesleri we adamlar bilen dolan we aşa ýüklenen dünýäde sesiňiziň eşidilmegi üçin näme etmeli? Ünsiň azalýan döwürde, töweregindäkileri gyzyklandyrýän we sizi pikirlenmäge hem-de öz durmuşyňyzy üýtgetmäge ruhlandyryp biljek hekaýany nädip gürrüň bermeli? Bu mowzuklar, dürli hünärmelerden, şol sanda milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýaş erkin žurnalistler we sosýal ulgamlarda pikirleriniň liderlerinden düzülen topar tarapyndan Aşgabatda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnan köp platformaly sanly beýan etme boýunça üç günlük seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

At münmek boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Moskwadaky MYGS-de geçirilýärAt münmek boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Moskwadaky MYGS-de geçirilýär

At münmek boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Moskwadaky MYGS-de geçirilýär

At münmek boýunça dünýä çempionaty anna güni Moskwanyň MÝGS-de milli atçylyk däpleri merkeziniň taryhy aýlawynda başlandy. Iki gün dowam etjek ýaryşa - Russiýa, Belarus, Indoneziýa, Gazagystan, Mongoliýa, Pakistan, Saud Arabystany, Türkiýe we Fransiýa ýaly 9 ýurtdan çapyksuwarlar gatnaşýar. Üç adamdan ybarat topar ýa-da aýratyn ýaryşda bir wekil söweş meýdanyna çykar diýip, MYGS-niň metbugat merkezniň habarynda aýdylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar bararRussiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar

Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar

25-nji awgust anna güni Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitine Türkmenistandan ynsanperwer kömegi bilen ýörite uçar barar. 40 tonna ýük suw joşmasyndan ejir çeken ülkäniň ýaşaýjylary üçin niýetlenendir. Munuň öňüsyrasynda Wladiwostokda birinji wise-gubernator - sebit hökümetiniň başlygy Wera Şerbina bilen Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nýazlyýewiň duşuşygy geçirildi.

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrarHazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kompozitor jemgyýetleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklajak Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigini 2024-nji ýylda döretmek karar edildi. Bu karar şu günler Astrahanda "Hazar möwsümleri - 2023" atly nusgawy sungat festiwalynyň çäginde geçirilýän Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edildi. Bu barada Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we režissýory Mihail Golikow TASS-a beren interwýusynda aýtdy.