

Türkiýedäki Gordion gadymy şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Türkiýäniň çäginde ýerleşýän gadymy Gordion şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleriniň sanawyna girizildi.


Türkiýäniň çäginde ýerleşýän gadymy Gordion şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleriniň sanawyna girizildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny we hyzmat pudagyny ösdürmek, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamak, şeýle hem ýurduň eksporta gönükdirilen senagatynyň ösüşini öňe sürmek strategiýasyny ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy.


Türkmenistan howanyň gün tertibi boýunça halkara tagallalaryna goşulýar we howada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça milli derejede çäreleri görüp, BMG-nyň başlangyjy - Ählumumy Metan borçnamasyny goldaýar. Bu barada ýekşenbe güni, 24-nji sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.


Şu gün, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - "Altyn Aý" altyn nyşanyny gowşurmak we Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.


2023-nji ýylda meýilleşdirilen 2688 ýerine derek, Türkmenistanda 7607 täze iş ýerleri döredildi, ýagny bu meýilleşdirilenden üç esse köpdir.


Şu ýyl Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler. Bu barada Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda aýtdy.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda Arkadag şäherini 2024 – 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyny taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.


«Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» – diýip, Serdar Berdymuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.


Milli ynsanperwer ýolumyzdan we mätäçlere goldaw bermekden ugur alyp, idege mätäç çagalara kömek etmek üçin haýyr-sahawat gaznasyny döretdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe günündäki Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde aýtdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini dowam etdirmäge çagyrdy.