

Türkmen boksçylary Gazagystanda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar
8 adamdan ybarat türkmen wekiliýetiniň hatarynda halkara ýaryşda 6 boksçy çykyş edýär. Duşuşyklar dürli ýaş derejelerinde geçirilýär.


8 adamdan ybarat türkmen wekiliýetiniň hatarynda halkara ýaryşda 6 boksçy çykyş edýär. Duşuşyklar dürli ýaş derejelerinde geçirilýär.


Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň topary 3х3 basketbol görnüşi boýunça Maldiw adalarynyň ýygyndysyny uly hasap bilen, ýagny, 22:2 hasabynda utdy.


Dýuzdoçy Maýsa Pardaýewa 23-nji sentýabrda Hytaýyň Hançžou şäherinde başlanan XIX Aziýa oýunlarynda türkmen toparyna ilkinji medaly getirdi.


Bu – Moskwada nobatdaky Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» Halkara sungat festiwalynyň açylşynyň öňüsyrasynda, geçen forumlaryň ýeňijileriniň gatnaşmagynda ajaýyp klassiki sazyň konsertini geçirmek däbidir. Ýaş sazandalar, festiwalyň köp sanly muşdaklarynyň gözüniň öňünde ulalýarlar, olaryň repertuary çuňlaşýar, ýerine ýetirijilik ussatlygy ösýär. Duşuşyk ýeri – öň Dolgorukowlaryň maşgalasyna degişli bolan, XVIII asyryň dikeldilen mülküniň öňki öý buthanasynda ýerleşýän Zubra Sereteli sungat galereýasynyň kiçi konsert zalynda üýtgewsiz galýar.


Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde duşenbe güni Yslam dünýäsiniň medeniýet ministrleriniň 12-nji konferensiýasynda status almak üçin kandidaturany Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli hödürledi. Ol Şuşany ISESCO "Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde teklip etdi. Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasyna görä, foruma gatnaşyjylar azerbaýjan tarapynyň başlangyjyny biragyzdan goldadylar.


Yslam taryhynda ilkinji ybadat ýerleriniň binagärliginden daşlaşan ýüzýän metjit Dubaýda gurlar diýip, Yslam we haýyr-sahawat işleri boýunça bölümi habar berýär.


Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna 1301 adam kabul edilip, 265 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama berildi. Türkmenistanyň täze raýatlary bolan adamlar 32 milletiň wekilleridir.


“Türk dünýäsiniň etnomodasy” atly moda hepdeligi 26-njy sentýabrda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriler. Çäräni gurnaýjylaryň berýän maglumatlaryna görä, moda sergisi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň çägindäki halkara festiwalynda geçiriler.


Duşenbe güni paýtagtyň Arçabil myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyz, hemişelik Bitarap halkara habar giňişliginde» atly halkara metbugat forumy işe başlady.


Uly göwrümli döwrebaplaşdyryş we gaýtadan enjamlaşdyryş netijesinde ýurduň esasy “deňiz derwezesi” köpugurly ulag merkezine öwrüldi, umumy geçirijilik ukyby ýylda 17 million tonna ýük bolan dürli ýöriteleşdirilen terminallary goşmak bilen, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň awtoulag, 400 müň konteýner, 3 million tonna uly ýük we 4 million tonna umumy ýüke ýektdi. Port bir wagtyň özünde 17 gämi ýerleşdirip bilýär.


Pariž 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlary üçin şäher howa ulaglaryny satyn alar. Oýunlaryň dowamynda Fransiýanyň paýtagtynda howa taksi hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär - futuristik enjam Parižlilere we şäheriň myhmanlaryna hyzmat eder.


Türkmenistanyň Minsitrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň 2-nji ýarymýyllygy üçin gazetlere we žurnallara 387 müň adam onlaýn ýazyldylar.


“Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirýän saparyňyzyň dowamynda Siz bilen görnüşmäge örän şatdyryn” diýlip hatda bellenýär. Türkiýäniň Prezidenti ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde geljekde has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirýär.


Onda 4 topar bäsleşip, olar “Döwletliligiň nyşany” temada güllerden döredijilik eserlerini döretdiler. Olaryň her biri aýratyn yhlas bilen döredilipdir.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen dürli ulgamlarda tutanýerli zähmeti, ýaşlary watançylyk we milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeländikleri üçin ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesi «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy.