Habarlar

USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýärUSAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär

USAID Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmaga ýardam berýär

1-nji noýabr, 2023-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – 24-27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.