

Alymlar Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň sagdyn ömrüniň ortaça dowamlylygyny kesgitlediler
Saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösmegi şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty saglyk derejesi iň gurply ýagdaýda 38 ýyl, sagdyn ýagdaýda hem 65 ýyl ýaşaýar.


Saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösmegi şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty saglyk derejesi iň gurply ýagdaýda 38 ýyl, sagdyn ýagdaýda hem 65 ýyl ýaşaýar.


Täze 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistan Russiýanyň Moskwa sebitine 2 müň tonna ter pomidor eksport etdi.


Öňde boljak ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynyň sürüm işinde 245 sany traktor herekete getirildi.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.


ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Prezident administrasiýasynda dürli wezipelere bellenjek dalaşgärlere seredýär. 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde sanalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Geňeşçi-ilçi synpyndaky diplomatik gullugynyň işgäri Elizabet Rud bar.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuset tehnologiýa institutynyň hünärmenleri adamlaryň durmuşyny düýpli özgertjek 10 sany tehnologiýany atlandyrdylar.


Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasy şu ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki “Azeri-Çyrag-Güneşli” (“AÇG”) uglewodorod blogynda çuň gatlakdaky ilkinji guýusyny gurar.


Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň Aşgabat galereýasynda şekillendiriş sungatynyň täze sergisi açyldy. Ol şu ýyl 300 ýyllygy bellenilýän milli edebiýatyň nusgawy wekili Magtymgula bagyşlanýar.


Koreýa Respblikasynyň Dongduk zenanlar uniwersitetiniň ýanyndaky Ýewraziýanyň türki ýurtlary boýunça institutynyň ylmy-barlag taslamasy esasynda “Türki dünýäsiniň we ynsanperwer ylymlarynyň ensiklopediýasy” atly 8 jiltlik kitap çap edildi.


TEKNOFEST 2024 awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň çäklerinde guralýan iri tehnologiýa ýaryşyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady.


2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar.


Saud Arabystany penşenbe güni ýokary hünärli hünärmenleri we maýa goýumlary ýurda çekmäge, ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen täze maksatnamalary işe girizdi.


Täze ýyl agşamynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň burawçylary Mary welaýatynyň Ýylan gaz ýatagyndaky №2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.


Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynynyň Çžaousu Ili-Gazak uýezdinde garly düzlük boýunça erkana gezip ýören ýabany atlaryň sürüsini görmek bolýar.


Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 9-11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 3-nji “Geljegiň minerallary” (Future Minerals Forum) forumyna gatnaşdy.