

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisiniň Ukrainanyň döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirlen duşuşygy
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatlary Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetinde bu ýokary okuw jaýynyň rektorynyň çakylygy esasynda baryp gördüler. Bu ýokary okuw jaýy söwda, ykdysadyýet, dolandyryş, restoran, myhmanhana we syýahatçylyk biznesi, maglumat tehnologiýasy we beýleki pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.




















