

Tokaýew ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejeli gepleşikler barada Türkmenistandaky ilçisine görkezme berdi
9-njy iýulda, şişenbe güni, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigini aýtdy.



















