

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy
11-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.


11-nji oktýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.


12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda statistika dersi boýunça Interne bäsleşigi geçiriler.


Aşgabatda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” forumynda çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýygnananlary Kazanda geçiriljek BRIKS sammitine gatnaşmaga çagyrdy.


Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlar bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr, şonuň üçin hem, şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar, - diýip Türkmenistanyň Prezidenti “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda çykyş etdi.


Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi.


2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryna onuň öz işine başlandygy mynasybetli ýüzlenmesini okady. Halkara ylmy maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, Germaniýanyň Federatiw Respublikasyndan gelen kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Ýohann Engelbert Maýsner, “Prof. Dr.Dhom & Kollegen” hususy klinikanyň stomatolog lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Günter Ýakob Dom, Mýunhendäki Lýudwig Maksimilian Uniwersitetiniň klinikasynyň ortoped-hirurgy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Folkmar Ýansson gatnaşyjylary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman serişdeleri senagatynyň işgärleriniň güni bilen mähirli gutladylar. Olar fiziki bejeriş we dikeldiş barada nutuklary bilen çykyş edip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Türkiýe Respublikasyndan gelen professor, Koç Uniwersitetiniň hassahanasynyň çaga kardiologiýasy bölüminiň müdiri Ender Ödemiş “Dogabitdi ýürek kemçiligini bejermekde endowaskulýar usullary” nutugy bilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dosenti, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Natalýa Salnikowa “Hazarýaka pesliklerde ösýän Scutellaria Hastifolia ösümliginiň fitohimiýa barlagy” nutugy bilen çykyş etdi. Naberežnyýe Çelnyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Alfinur Galiakberowa “Mugallymlary taýýarlamakda innowasion tehnologiýalar: Naberežnyýe Çelnyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň tejribesi” atly nutugy bilen çykyş etdi, Kent ştatynyň uniwersitetiniň (ABŞ) wise-prezidenti professor Marçello Fantona bolsa XXI asyrda bilimiň esasy hökmünde medeni gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle-de “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” halkara sergisine gatnaşýan öňdebaryjy kompaniýalara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň ahyrynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenme kabul edildi.


„Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe“ atly halkara ylmy maslahatynyň we serginiň çäginde Türkmenistan bilen Rumyniýa Döwletiniň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


Russiýada uçarlarda, otlularda we gämilerde simsiz Wi-Fi ulgamyny ulanmak üçin radio tizlikleri aýyryp berilmegi meýilleşdirilýär diýip, “Известия” gündelik gazeti habar berýär.


10-njy oktýabr, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarynyň netijesinde nebit himiýa we ýeňil senagat pudagynyň önümleri satyldy.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin halkara forumyna gatnaşmak we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşmak üçin iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi.


Küşt boýunça dünýä ýyldyzy, Angliýaly halkara derejeli grossmeýster Naýjel Şortyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogy tamamlandy.


Daşkentde Türkmenistanyň Aeronawigasiýa gullugynyň we Özbegistanyň “Uzaeronawigatsia” döwlet unitar kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian 10-njy oktýabr agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynyň howa menzilinde Eýranyň Prezidentini Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň ýolbaşçysy we işgärleri garşy aldy.


Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi.


Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Mongoliýanyň Prezidentini we onuň ýany bilen gelen wekiliýetini resmi adamlar şol sanda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew garşylady.