

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “KO-20” ýagtylandyryjy nebit we “B” markaly karbamid satyldy
15-nji noýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.


15-nji noýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Begenç Goçmollaýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Batyr Atdaýewi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy


15-nji noýabrda, Aşgabatda “Türkmentel-2024” halkara forumy telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalary ösdürmegiň esasy taraplaryna gönükdirilen işini dowam etdi. Maksatnamanyň ikinji güni dürli ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenlerini ýygnan baý tematiki mejlisleri öz içine aldy


“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy


15-nji noýabrda, anna güni Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi we gepleşikleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


15-nji noýabrda, anna güni Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy


Brýussel şäherinde iki tarapyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we özara düşünişmegi giňeltmek islegini görkezýän Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy geçirildi.


Bäsleşige 35 ýurtdan 270 töweregi türgen gatnaşdy.


Gazagystan we Hytaý Hazarda konteýner merkeziniň gurluşygyna başladylar. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde bermäge mümkinçilik berýän “E-Stathasabat we işewür-registri” atly täze sanly platformasyny işe girizdi.


“Türkmengaz” Döwlet konserni kompaniýanyň zerurlyklary üçin material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça açyk bäsleşigini geçirýär:


“Owgantelekom” kompaniýasynyň wekili Mohammad Zafar “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Ol “Owgantelekom”-yň bu çärä her ýyl gatnaşmagy Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşini synlamaga mümkiçilik berýändigi barada belledi.


14-nji noýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda gurluşyk materiallary, nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyn alyndy.