

Britaniýa emeli añ boýunça iñ öňdebaryjy döwlet bolmak isleýär
Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.


Britaniýa 2030-njy ýyla çenli Emeli añ (EA) boýunça iñ güýçli döwlet bolmagy maksat edinýär.


"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kompaniýasynyñ Çapar Pay gollanmasy arkaly "Türkmentelekom" aragatnaşyk operatoryndan stasionar telefon hyzmatynyñ bank kartasy bilen tölegini amala aşyrmak mümkinçiligi döredi.


Türkmenistandaky Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz korporasiýasynyň şahamçasy № CIT-24148-Sr bäsleşigi boýunça taýýarlykdan öňki işlerini yglan edýär. Bäsleşik Lebap welaýatynda “Bagtyýarlyk” ylalaşylan çäginiň “B” bölüminde gazy gaýtadan işleýän zawodyň-2 tehnologik desgalarynyň önümçilik kuwwatyny giňeltmek boýunça hyzmatlaryň hödürlenilmegine bagyşlanan.


Samsung kompaniýasy “Galaxy Easy Compensation” atly täze maksatnamanyň işläp başlandygy barada habar berdi. Bu maksatnama ulanyjylara täze enjamy satyn almak borçnamasyz köne smartfonlaryny satmaga mümkinçilik berer.


ABŞ-nyň döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwreniş Institutlary» (SUSI) atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde Ýaş Zenan Liderleri Maksatnamasyny gutaran 78 sany ýaş zenan Çehiýa Respublikasynyň Praga şäherinde 5-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen Global Liderler Forumynda (GLOW) duşuşdylar.


“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy wagtlaýyn esasda terjimeçi-hünärmen boş iş orny barada habar berdi. Kompaniýa degişli ukyp-başarnyklary we iş tejribesi bar bolan ýokary taýýarlykly dalaşgärleri çagyrýar.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine iş sapary tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.


2025-nji ýylyň 12-14-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahat we sergi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.


2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.


13-nji ýanwarda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.


GoViral taslamasynyň çäginde Merkezi Aziýanyň ýaş öňdebaryjylary üçin GoViral75: Emerging Leaders Fellowship maksatnamasyna arzalar kabul edilip başlady. Maksatnama sebit ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa ugurlaryndaky ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir
Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.


NASA-nyň maglumatlaryna görä, 21-nji ýanwardan başlap, Gün ulgamynyň alty planetasy - Wenera, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun “planetalaryň ýörişine” gatnaşyp, gije asmanda hatara düzüler


Hytaýyñ Çunsin uniwersitetinde (CQU) talyp zehinleriñ halkara festiwaly geçirilip, onda türkmen talyplary "Küşdepdi" milli tansy bilen çykyş etdiler.


Britaniýanyň “WeWalk” startap kompaniýasy, göreji pes adamlar üçin “Smart Cane 2” atly akylly ýygnalýan hasany döretdi. Enjam GPT EA-modeline esaslanýan ses kömekçisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu “emeli aňy ulanylmagynyň hakykatdanam üstünlikli we peýdaly mysallarynyň biridir” diýip, “Engadget” belleýär