

Gazagystanda 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi
Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi.


Gazagystanyñ Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiñ permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyl Işçi hünärleriñ ýyly diýlip yglan edildi.


Amerikan NASA älem agentligi NGC 2264 ýyldyzlar toplumynyñ şeklini neşir etdi. Ol täze ýyl arçasyny ýatladýan şekline görä "Täze ýyl arçasy" adyny aldy.


Belarusda dünýäde ilkinji gezek emeli aň esasynda doly görnüşli mutlfilm döredildi diýip, BELTA habar berýär.


Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMG ÖM) inçekesel (IK) boýunça “Türkmenistanyň inçekesele garşy göreş boýunça Milli maksatnamasynyň dolulygyna Ählumumy Gaznadan çykmak” täze taslama gol çekdiler.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň ilçihanasyndaky gynanç kitabynda ýazgy goýdy Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaijan Airlines uçarynyň heläkçilige sezewar bolmagynyň netijesinde adam pidalary sebäpli Türkmenistandaky Azerbaýjanyň ilçihanasyna bardy. Bu barada ilçihananyň sosial ulgamlarynda habar berilýär.


“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenstanyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün etdijileri (potratçy) tender (bäsleşik) esasynda saýlamak toparynyň adyndan “Türkmennebit” DK-niň Seýdiniň nebiti gaýatadan işleýän zawodyň suw üpjünçilik we lagym suw sehiniň suw alynýan desgalarynynyň 0-njy galyş obýektini taslamak we ähli gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender tekliplerini işläp taýýarlamak barada №01/dG halkara bäsleşigini yglan edýär.


Hytaý 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwynyň netijelerini mälim etdi.


Daşkent Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýaşlar paýtagty diýen adyny Azerbaýjanyň Gabala şäherine geçirdi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, hormatly adyň geçirilmegi Özbegistanda geçirilen “Daşkent – 2024-GDA-nyň Ýaşlar paýtagty” diýen halkara taslamasynyň ýapylyş dabarasynyň dowamynda bolup geçdi.


26-njy dekabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda oba hojalyk, nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


2024-nji ýylyň 19-25-nji dekabry aralygynda Katar döwletiniň Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi.


Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kitap bilimiň çeşmesi” atly kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi.


Täze ýyla çenli sanalgyja günler galdy. Ýaşyl agaç Ýylan ýylyny bolmalysy ýaly garşylamak üçin entek näçe işleri ýetişdirmeli.


Çaga ilkinji gezek enjama dakylanda herekete gatnaşýan süňkleriň uzynlygy, myşsalaryň güýji, bogunlardaky hereketiň derejesi ölçenilip, başlangyç ýagdaýda enjamyň sanly ulgamly kompýuteriniň ýadyna girizilýär we ýadynda saklanýar. Bejergi tapgyrynyň ahyrynda çaganyň hereket mümkinçilikleriniň görkezijileri ölçenilýär we ilkibaşdaky görkezijiler bilen deňeşdirilýär. Indiki bejergi tapgyrynyň başynda barlagda ýüze çykarylan görkezijiler iň soňky netijeler bilen deňeşdirilýär we şoňa baglylykda gönükmeler bellenilýär.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sungatyň ylym gözbaşy” ady bilen konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi.


Türkmenistanyñ raýatlarynyñ bakalawr, hünärmen, magistrlik, aspirantura, ordinatura, goşmaça hünär bilimi we kömekçi-tejribeçilik ýaly dürli derejeler boýunça Russiýanyñ öñdebaryjy uniwersitetlerinde mugt bilim almaga ajaýyp mümkinçiligi bolar. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýi öz sosial ulgamlarynda habar berýär.