HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Fewral 06, 2025 | 20:15 |5923
2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlendi

2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň abraýly wekilleri, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary, intelligensiýanyň wekileri we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda Ilçi A.Goçmyradow, Täjigistanyň Tehniki uniwersitetiniň Osimi adyndaky tehniki kollejiniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary akademik Z.Häkimow, Rus-täjik slawýan uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby M.Atajanowa we başgalar çykyş etdiler.

1

Çäräniň başynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Onda çykyş edenler kitapda, halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeni mirasynyň, nusgalyk döredijilik ýörelgeleriniň çuňňur manyly beýan edilendigini, olary täze many mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserleriň ýaşlary watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny we ähli türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygyny aýratyn bellediler.

2

Soňra 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidigi nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada hem giňişleýin durlup geçilip, ol çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026