Habarlar

Aşgabat bilen Baku ynsanperwer gaznalary arkaly dialogy ösdürýärler: Ähtnama gol çekildiAşgabat bilen Baku ynsanperwer gaznalary arkaly dialogy ösdürýärler: Ähtnama gol çekildi

Aşgabat bilen Baku ynsanperwer gaznalary arkaly dialogy ösdürýärler: Ähtnama gol çekildi

9-njy dekabrda Awazada türkmen-azerbaýjan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen duşuşyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen gepleşikleri geçirdi.

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy şahamçasyny açdyAwazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy şahamçasyny açdy

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy şahamçasyny açdy

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Jana şypaly howasy bolan Hazar deňziniň dynç alyş zolagynda täze merkeziň döredilmegi, döwletiň toplumlaýyn dikeldiş işine we ýaş nesliň saglygyna strategiki üns berýändigini görkezýär.