

Türkmenistanyň «ýyldyzlar ýygyndysy» beýik awstriýaly bilen bir sahnada
Siz haçan-da bolsa arassa zehiniň nähili ýaňlanýandygyny eşidip gördüňizmi? Eger ýok bolsa, sizi şu ýaz paslynyň iň möhüm sazly wakalarynyň birine çagyrýarys. 28-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Wolfgang Amadeý Mosartyň 270 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler



















