Hytaýyň daşary söwdasy birinji çärýekde 15% ýokarlandy
Hytaýyň söwda dolanyşygy 11,84 trillion ýuana ýetdi. Elektromobilleriň eksporty 77,5%, litiý batareýalary bolsa 50,4% ýokarlandy.
Hytaýyň söwda dolanyşygy 11,84 trillion ýuana ýetdi. Elektromobilleriň eksporty 77,5%, litiý batareýalary bolsa 50,4% ýokarlandy.


Şu gün, 14-nji aprelde Aşgabadyň Türkiýe medeni merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli çäre geçirildi. Oňa diplomatik korpusyň, syýahatçylyk pudagynyň, medeniýet wekilleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy


Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirgulyýewa 9–11-nji aprelde Marrakeş şäherinde geçirilen Maroc Fashion Week 2026 atly halkara moda hepdeligine gatnaşdy


Türkmen-italýan dilaogy täze itergä eýe bolýar: 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi Martin Brukdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi


Waşingtonyň strategiýasy 11-nji apreldäki “X sagadyndan” soň düýpli özgerişlige sezewar boldy we Ormuz bogazyny güýç bilen açmak synanyşygyndan doly göwrümli deňiz gabawyna öwrüldi. Tähranyň Bogazyň açarlaryny söweşsiz bermek niýetiniň ýokdugyna göz ýetiren Donald Tramp, tussag etmeler we sora-ideg etme taktikasyna geçdi


25-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-sahypasynda habar berilýär


Dünýäniň öňdebaryjy howa gatnaw kompaniýalarynyň biri bolan Turkish Airlines 14–16-njy aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän TurkmenTravel–2026 halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
Wan I Eýran we ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklerde Päkistanyň araçylygyny ýokary bahalandyrdy. Taraplar parahatçylygy saklamaga çagyrdylar.


Şu gün Aşgabatda açylan “Turkmen Travel 2026” halkara sergisi ýolagçy gatnawlary ulgamynda möhüm tehnologik täzeligiň meýdançasyna öwrüldi. “Syyahatchy” kompaniýasy ýurduň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin logistikany düýpli ýönekeýleşdirýän “TurkmenTourist” ykjam goşundysynyň täzelenen görnüşini hödürledi


Erkin göreş boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg agramda çykyş edip, baýrakly orny eýeledi


16–17-nji aprelde Özbegistanyň gadymy Hywa şäheri özüniň formaty boýunça täze we abraýly çäräni — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň bilermenleriniň birinji forumyny kabul eder. Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň güýzünde Astanada geçirilen sammitde döwlet Baştutanlary tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzündäki beýany bolar


Çärede 443 topar dron basketboly, gylyçlaşmak we agyrlyk götermek boýunça bäsleşýärler. Bu täze tehnologiýalary we sportuň birleşmeginiň nusgasydyr.


Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi Hatdatlyk mekdebiniň döredilendigini mälim etdi. Bu möhüm ylym-bilim taslamasy beýik serkerde Emir Teýmiriň doglan gününiň 690 ýyllygyna bagyşlanan «Teýmirliler döwrüniň hatdatlyk mirasy — däpleriň dowamlylygy» atly seminaryň çäklerinde yglan edildi


14-nji aprelde Aşgabatda Turkmentravel 2026 halkara syýahatçylyk sergisi we maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi


2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyň düzümine akklamasiýa esasynda saýlandy