HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň daşary söwdasy birinji çärýekde 15% ýokarlandy

Aprel 16, 2026 | 12:57 |4140
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Baş gümrük müdiriýetiniň sişenbe güni çap eden maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlandy.

Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Baş gümrük müdiriýetiniň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Hytaýyň 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýyndaky importy we eksporty baradaky maglumatlary berdiler.

«2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň haryt importynyň we eksportynyň umumy bahasy 11,84 trillion ýuana (takmynan 1,73 trillion ABŞ dollaryna) ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim köpdür. Şolardan eksport geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,9 göterim ösüp, 6,85 trillion ýuana deň boldy, import bolsa 19,6 göterim artyp, 4,99 trillion ýuana ýetdi» — diýip, Hytaýyň Baş gümrük müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Wan Szýun mälim etdi.

Ol birinji üç aýyň import we eksport görkezijileriniň bäş sany esasy aýratynlygynyň bardygyny belledi.

Birinjiden, importyň we eksportyň möçberi şol bir döwür üçin täze rekord derejesine ýetdi.

Ikinjiden, telekeçilik işiniň dürli görnüşlerinde giň gerimli ösüşe gözegçilik edildi.

«2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň hususy kärhanalarynyň importy we eksporty 6,78 trillion ýuana deň boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 16,2% köpdür we ýurduň umumy daşary söwda dolanyşygynyň 57,3%-ni emele getirdi. Şol bir döwürde daşary ýurt maýa goýumly kompaniýalaryň daşary söwda möçberi 3,47 trillion ýuana, döwlet kärhanalarynyňky bolsa 1,56 trillion ýuana ýetip, degişlilikde 16,1% we 8% ösüş görkezdi» — diýip, Wan aýtdy.

Üçünjiden, bazarlaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy has-da ösdi, sebäbi Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň hyzmatdaş ýurtlaryna, ASEAN ýurtlaryna, Latyn Amerikasyna, Afrika we Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň beýleki ýurtlaryna amala aşyran importy we eksporty birinji çärýekde 10%-den gowrak ösdi — diýip, Wan belledi.

Dördünjiden, eksportyň ösüşiniň täze faktorlary barha güýçlenýär. «Birinji çärýekde Hytaýyň mehaniki we elektrotehniki önümleriniň eksporty 4,34 trillion ýuana ýetdi, bu bolsa 18,3 göterim ösüş diýmekdir we ýurduň umumy eksportynyň 63,4 göterimini emele getirdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 göterim ýokarydyr. Olaryň arasynda elektromobiller, litiý batareýalary, şeýle hem ýel generatorlarynyň toplumlary we olaryň bölekleri ýaly ekologiýa taýdan arassa önümleriň eksporty degişlilikde 77,5 göterim, 50,4 göterim we 45,2 göterim ösdi» — diýip, Wan aýtdy.

Bäşinjiden, birinji çärýekde importyň ösüşi içerki islegiň artmagy bilen şertlendirildi we Hytaýyň energiýa göterijileriniö, magdanlarynyň we metallarynyň, mehaniki we elektrotehniki önümleriniň, şeýle hem sarp ediş harytlarynyň impordynyň artmagyna gözegçilik edildi— diýip, Wan sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026