

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-nyň hökümetiniň ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.


Sişenbe güni, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili orta öwüşginli boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda täze bellenen ilçisi Begenç Durdyýew ýurduň daşary işler ministriniň protokol meseleleri boýunça orunbasary Rýu Jongýune ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.


8-nji sentýabrda Astrahanda öz işine başlajak VII Halkara Hazar mediaforumyna gatnaşyjylar häzirki zamanyň media ulgamyny hem-de onuň täze durmuş-ykdysady şertlerdäki işleriniň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.


HHR-nyň hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý çarşenbe güni ýene-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine sapar bilen geldi we şol ýerde wise-ministr Wepa Hajyýew bilen duşuşdy.


Ýene bir güýz baýramy – “Biz güýçli, biz deňdiris" atly inklýuziw (ösüş aýratynlyklary bar bolan adamlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan) sport festiwaly 17-nji sentýabrda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler we bu çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.


USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy 21-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagtynda “Söwda bilen meşgullanýan aýallar: Merkezi Aziýada aýallar üçin kynçylyklar we mümkinçilikler. Iň oňat tejribeler” atly ikinji sebitleýin aýallar sammitini geçirer.


Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý sişenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.


Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýä gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary munuň üçin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ORIENT-e gürrüň berdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.


Her duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň däp boýunça geçirýän sanly ulgam arkaly iş maslahatynda obasenagat meseleleri boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow gözegçilik edýän pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.


Nur-Soltanda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Berdinyýaz Mätiýew we Ýermuhambet Konuspaýew ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we ýurtlaryň syýasat, ykdysadyýet, söwda, diplomatiýa we medeni-gumanitar ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


Anna güni, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilişi ýaly, “Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi”.