

MA-nyň we Hytaýyň gümrük edaralary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.


Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.


«Näme? Nirede? Haçan?» oýny boýunça 2022-2023-nji ýylyň möwsümi açylyp, Türkmenistanyň çempionaty 7-nji maýda «Berkarar» SDM-däki «Şokolad» restoranynda geçiriler. Paýhaslaryň bäsleşigi intellektual oýunlaryň Halkara Birleşmesiniň howandarlygy astynda (МАИИ) we «Игра-ТВ» telekompaniýasynyň ygtyýarnamasy boýunça geçer.


Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam bermek maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanda operatiw-gözleg işlerini alyp barýan işgärler üçin seminar geçirdi – diýip, Maksatnamanyň resmi saýty habar berýär.


Myhmanhanalaryň binasyny gurmak we ulanmak üçin Türkmenistanyň lkinji «ýaşyl» ölçeginiň garalamasyny BMGÖM-sy tarapyndan «Türkmenistandaky durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleri toplumlaýyn ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde gurnalan iş duşuşygynyň barşynda hödürlediler.


BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.


Aşgabatda 7-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri 14-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde dürli ugurlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.


Türkmenistandan 70-e golaý kompaniýa 9-njy aprelde Duşenbede boljak bilelikdäki türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar – diýip, Asia Plus habar berýär.


Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly, - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň birinji maslahatynda deputatlara sözlän sözünde aýtdy.


Türkmenistan 2024-nji ýylda dabaraly we halkara derejesinde bellenjek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döreder.


Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa, penşenbe güni 6-njy aprelde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylşynyň birinji maslahatynda başlygy wezipesine saýlandy.


Özbegistanda ulanmaga ýaramsyz we saklaýyş möhleti geçen harytlar barada habar beren sarp edijiler sylaglandyrylar. Bu barada «Ilaty hilli sarp ediş harytlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen goşmaça çäreler barada» prezidentiň 4-nji apreldäki kararynda aýdylýar, - diýip Sputnik Özbegistan Respublikanyň Adalat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.


Taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli Dolandyryşynyň we ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň wekilleri San-Antoniodaky Tehas uniwersitetinden kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi.


Her ýyl 7-nji aprelde bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Elektronika dünýäsi we Berkarar SDM-däki Samsung dükanlary super-aksiýa badalga berýärler.


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuralyýew bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.