Habarlar

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärKoreý kompaniýalary Arkadag şäherinde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Kaň Jae Kwon öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Arkadag şäheriniň gurluşygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu barada diplomat anna güni Koreýanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdyTürkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.

«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi

«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi

Ýewropada we dünýädäki diplomatik durmuş barada jemgyýetçilik pikirini emele getirýän täsirli dünýä guramasy bolan Brýusselde ýerleşýän abraýly «Diplomatic World» žurnaly 70 ýyllyk ýubileý sanynyň ýörite bölümini Türkmenistana we onuň ykdysadyýetde, energiýada, söwdada, medeniýetde we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklerine bagyşlady.

Serdar Berdimuhamedow Mejlisiniň VII çagyryşyň deputatlaryna sözlän söziSerdar Berdimuhamedow Mejlisiniň VII çagyryşyň deputatlaryna sözlän sözi

Serdar Berdimuhamedow Mejlisiniň VII çagyryşyň deputatlaryna sözlän sözi

Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly, - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň birinji maslahatynda deputatlara sözlän sözünde aýtdy.