Habarlar

Maliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşdyMaliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Maliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri türkmen-täjik geňeşmeleri geçirdilerIki ýurduň daşary işler ministrleri türkmen-täjik geňeşmeleri geçirdiler

Iki ýurduň daşary işler ministrleri türkmen-täjik geňeşmeleri geçirdiler

Şenbe güni Aşgabatda geçirilen Daşary işler ministrliginiň arasyndaky geňeşmelerde Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyň mowzugy agdyklyk etdi. Gepleşikleri Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Täjigistanyň Daşary işler edarasynyň başlygy Sirojiddin Muhriddin geçirdiler.