Habarlar

Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärGazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystany Azerbaýjan, Türkiýe we Gruziýa bilen birleşdirýän Hazarüsti geçelgesi halkara logistikanyň we ýük daşamalarynyň möhüm bölegi boldy. 2023-nji ýylda bu geçelgäniň üsti bilen ýük daşamalaryň möçberi 4,5 mln tonna çenli ýokarlandy. Bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 62% köpdür. Gazagystan 2027-nji ýyla çenli bu möçberi ýylda 10 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk ederLipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.