HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara işewürligi Aşgabatdaky söwda boýunça sergä uly gyzyklanma bildirýär

Aprel 19, 2025 | 02:30 |4625
Aşgabatda geçiriljek “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkany hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-niň hasaba alynmagy, daşary ýurt işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyklyk edýär. Foruma gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýärAşgabatda geçiriljek “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkany hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-niň hasaba alynmagy, daşary ýurt işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyklyk edýär. Foruma gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda geçiriljek “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkany hem-de “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-niň hasaba alynmagy, daşary ýurt işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyklyk edýär. Foruma gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär.

Şu ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu çärelere taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni geçirilen Höküment mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.

Bu çärä söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalarynyň giň toparynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Serginiň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026