Habarlar

Bakuwda türkmen-azerbaýjan deňiz ýük daşamalaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylarBakuwda türkmen-azerbaýjan deňiz ýük daşamalaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Bakuwda türkmen-azerbaýjan deňiz ýük daşamalaryny giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Duşenbe güni Bakuwda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük gatnawynyň mukdarynyň artmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda deňiz daşamalary pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň müdiri Myrat Myradow ýolbaşçylyk edýär.

Yragyň wekiliýeti mümkin bolan gaz şylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelerYragyň wekiliýeti mümkin bolan gaz şylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler

Yragyň wekiliýeti mümkin bolan gaz şylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler

Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel ýekşenbe güni, elektrik energiýasy we energetika boýunça parlament komitetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda iki wekiliýetiň Katara we Türkmenistana baryp, gaz importy bilen baglanyşykly ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy diýip, Yragyň habarlar agentligi Yragyň parlamentiniň metbugat gullygyna (INA) salgylanýar.