

Suwy arassalaýan robotlar döredildi
Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir.


Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir.


“Ýeri bilelikde goraýarys” ady bilen dynç gününde Aşgabatdaky Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde howa we ekologiýa festiwaly geçirildi.


Häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.


Türkmen tarapy sowadyjy ulgamlaryň dolandyryşy, şol sanda ulanyşdan aýyrmaga degişli käbir sowadyjy ammarlar barada giňişleýin tanyşdyrýan degişli hasabaty hödürledi.


“Altyn Şah” aýlagynyň töwereklerini eýeleýän Haliç etraby – Stambul şäheriniň taryhy we iň ajaýyp ýerleriniň biri hasaplanylýar. Özüniň özboluşly görnüşi bilen “Altyn Şah” adyny alan inçejik aýlag Bosfor bogazynyň derwezesi haspalanylyp, onuň suwy günüň belli wagtlarynda, hususan-da, gün ýaşar wagtynda altynsöw öwüsýär.


Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.


Jüýjelerini ýyrtyjydan goramak isleýän Günorta Awstraliýaly fermer garaşylmadyk ýagdaýda ştatda ýitip giden hasaplanylýan torbaly samyryň bir görnüşini bolan tegmilli kwolly tutdy. Bu haýwany Günorta Awstraliýada 130 ýyldan soň ilkinji resmi görmek boldy.


Gazylyp alynýan ýangyçlarda işlemeýän alternatiw energiýaly tygşytly ýyladyş we sowadyş tehnologiýalaryny gözlemek işleri güýçlendi. Çölde ýaşaýan hameleona öýkünip, hytaý alymlary öýler üçin energiýa tygşytlaýan örtük döretdiler.


Bu Merkez senagat galyndylarynyň daşky gurşawa, ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanyny azaltmakda sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň işine ýardam bermegi maksat edinýär. Ol şeýle hem, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi boýunça döwletara toparynyň we onuň düzümleriniň işini işjeňleşdirer.


Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga degişli karar kabul edýän şahslaryň habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda geçirilen üç günlük seminara gatnaşyjylar, suw baýlyklaryny integrirleýin dolandyrmak, saglyk we bilim ulgamlaryna uýgunlaşmak çäreleri, şeýle hem netijeli pudagara hyzmatdaşlygy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Taryhda ilkinji gezek GDA agza ýurtlaryň çäginde haýwanlaryň göçüp ýaşaýan görnüşlerini gorap saklamak baradaky konwensiýa (CMS) taraplarynyň konferensiýasy geçiriler. Özbegistanyň Samarkand şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralyndan 17-nji fewraly aralygynda konferensiýanyň 14-nji mejlisini kabul eder diýip, Özbegistan hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.


Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerini tutýan Turan düzülügi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu baradaky çözgüt Guramanyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji mejlisinde kabul edildi.


Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan "Nol zyňyndy" (Zero Waste) Jarnamasyna öz islegi bilen ilkinji bolup gol çeken adam boldy. Bu başlangyç onuň aýaly Emine Ärdogan tarapyndan öňe sürlüpdi diýip, "Anadolu" habarlar agentligi mälim edýär.


Hepdäniň birinji ýarymynda paýtagtda howa +23 gradus töwereginde bolup, ikinji ýarymda +21 gradusa çenli peseler. Gijelerine howa +18 - +15 gardus aralygynda üýtgär.


Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.