HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE “COP28” maslahaty mynasybetli täze pul çykardy

Noýabr 30, 2023 | 17:23 |8646
Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.
Çeşme: arabianbusiness.com

Birleşen Arap Emirlikleriniň Merkezi banky Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) hem-de Milli güni mynasybetli polimerden 500 dirhemlik täze pul banknotyny çykardy.

Banknotyň daşky bezegi BAE-niň durnukly ösüşe innowasion çemeleşmesini we Hökümetiň durnukly çözgütleri öňe sürmekdäki başlangyçlaryny görkezýär.

Banknotyň ýüzünde Dubaýdaky Durnukly ösüş sergiler merkeziniň arka tarapynda bolsa, geçmişiň we geljegiň gymmatlyklaryny özünde Dubaýyň Geljek muzeýi şekillendirilýär.

Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.

Durnukly ösüşe ygrarlylygynyň bir bölegi hökmünde ýurduň Merkezi banky täze banknotlary adaty banknotlara garanyňda has ygtybarly edip, polimer materiallaryny ulandy. Bu materialy dolulygyna gaýtadan ulanyp bolýar we daşky gurşaw üçin-de zyýansyzdyr.

Ýurduň baş maliýe edarasy kör we görmeýän adamlaryň banknoty tanamaklary üçin “Braýl” elipbiýinde belli banknot nyşanlaryny goşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026