

Türkmen aýdymçysy Azat Dönmezow Russiýada çykyş eder
Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçysy Azat Dönmezow Russiýada konsert maksatnamasy bilen ýekelikde çykyş eder – diýip, Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň Instagramdaky hasabynda habar berilýär.


Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçysy Azat Dönmezow Russiýada konsert maksatnamasy bilen ýekelikde çykyş eder – diýip, Türkmenistanyň RF-daky ilçihanasynyň Instagramdaky hasabynda habar berilýär.


Amerikan aýdymçysy Beýonse özüniň 32-nji «Gremmi» baýragyny mynasyp boldy we taryhda şu baýraklaryň iň köp sanlysynyň eýesi boldy – diýip, BBC News habar berýär.


10 günlük medeniýet maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-dan artistler Keýt Bass we Aaron Ýang Aşgabadyň sahnasynda çykyş ederler – diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.


Hindistandan gelen gadymy bharatanatýam hindi tansynyň ýerine ýetirijileri Türkmenistana geldiler. Saparyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda we Mary welaýatynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti şu gün habar berýär.


The Last of Us («Biziň birimiz») serialynyň 23-nji ýanwarda çykan ikinji seriýasyna eýýäm 5,7 mln. adam tomaşa etdi, bu bolsa birinji seriýaňka garanda 22% köpdür. Şekilli oýnuň ekranlaşdyrylmagynyň rekord derejedäki ýokary görkezijileri barada HBO striming hyzmaty habar berýär.


Saud Arabystanynyň taryhynda Yslam sungatynyň ilkinji biennalesi (her iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergi) 23-nji ýanwarda Jidda şäherinde Şa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziliniň “Haj” terminalynda açyldy.
«Awatar 2: Suwuň ýoly» filminiň kassa ýygymlary $2 mlrd-dan geçdi, bu bolsa režisýýor Jeýms Kemerony absolýut rekordçy etdi, birbada 3 filmi $2 mlrd-dan gowrak gazanan we taryhda iň köp girdeji getiren ýeke-täk kino düşürýänçi etdi - diýip, Kino News ýazýar.


12-nji fewraldan 14-nji fewral aralygynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet günleri geçiriler – diýip, penşenbe güni geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa aýtdy.


Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary italýan diline terjime ediler we çap ediler. Täze neşiri taýýarlamagyň meseleleri Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň «Sandro Teti» neşirýat öýüniň baş direktory we esaslandyryjysy Sandro Teti we türkolog professor – Federiko De Rensi bilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijilik işine bagyşlanan maglumat portalyny dörederler, häzirki wagtda alymlar täze saýtyň üstünde işleýärler.


Şu ýylyň mart aýynda Russiýanyň Demir ýollary tarapyndan syýahatçylar üçin Lew Tolstoýyň we Iwan Buniniň taryhy ýerlerine edebi otly ýola goýlar. Syýahatyň bu görnüşi "tigir üstünde myhmanhana" bolmak bilen, gündiz - gezelençler, gije bolsa – ýokary amatlyklary bolan SV we kupe wagonlarda ýol aşmakdyr. Otlynyň düzüminde restoran-wagon hem bar" – diýip, Russiýanyň Demir ýollary habar berýär.


Meşhur türk şahyry we sazandasy Aşyk Weýseliň ölüminiň 50 ýyllygy ÝUNESKO-nyň ýadygärlik seneleriniň sanawyna goşulandyr. Bu ýadygärlik senesine bagyşlanan çäreler, sergiler, konsertler we maslahatlar 2023-nji ýylyň dowamynda hem Türkiýede, hem daşary ýurtda geçiriler.


«Altyn globus-2023» baýragynyň 80-nji gowşurylyş dabarasy 10-njy ýanwarda Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndaky «Bewerli- Hilton» otelinde bolup geçdi. Golliwudyň ýanyndaky žurnalistleriň assosiasiýasy 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy filmleri we seriallary atlandyrdy – diýip, TASS habar berýär.


Keramiki gaplary ýasamak baradaky bilim Ýewropa Hazar sebitinden we Sibirden gelipdir -diýip, Arkeonews Polşanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnologiýa institutyna salgylanyp habar berýär.


Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň sergi merkezinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýurduň ähli welaýatlaryndan 66 zehinli çaga ýörite diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.