Habarlar

Duşanbe şäheri GDA ýurtlarynyň opera we balet sungatynyň merkezine öwrülerDuşanbe şäheri GDA ýurtlarynyň opera we balet sungatynyň merkezine öwrüler

Duşanbe şäheri GDA ýurtlarynyň opera we balet sungatynyň merkezine öwrüler

Medeniýet edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we eserleriň ýeke-täk maglumatlar binýadyny döretmek üçin GDA-da Opera we balet teatrlarynyň utgaşdyryjy geňeşi peýda bolar. Bu döredijilik taslamasy S. Aýniniň adyny göterýän Täjigistan akademiki opera we balet teatry tarapyndan başlandy we geňeş Duşanbe şäherinde açylar diýip teatryň metbugat gullugy habar berýär.

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrarHazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigi sebitiň halklarynyň saz sungatyny ýaýbaňlandyrar

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kompozitor jemgyýetleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklajak Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlary birleşigini 2024-nji ýylda döretmek karar edildi. Bu karar şu günler Astrahanda "Hazar möwsümleri - 2023" atly nusgawy sungat festiwalynyň çäginde geçirilýän Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň ilkinji halkara forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edildi. Bu barada Hazarýaka döwletleriň simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we režissýory Mihail Golikow TASS-a beren interwýusynda aýtdy.

Türkmen sazandalary Sinandalidäki V halkara festiwalynda çykyş ederlerTürkmen sazandalary Sinandalidäki V halkara festiwalynda çykyş ederler

Türkmen sazandalary Sinandalidäki V halkara festiwalynda çykyş ederler

Gruziýada uly göwrümli akademiki saz festiwallaryndan biri - Tsinandali festiwalynyň açylyşy 31-nji awgustda Sinandalidäki (Kaheti) knýaz Çawçawadzäniň taryhy mülkünde bolar. Bäş ýyllyk ýubileý festiwalyna dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrinden ýedi ýaş türkmen sazandasy hem gatnaşýar. Olaryň arasynda ikinji gezek Gruziýa gelenler we şu ýylyň fewral aýynda Italiýanyň täze nesliniň iň öňdebaryjy dirižýorlaryndan biri we Pan-Kawkaz Ýaşlar orkestriniň awtory Klaudio Wandelli tarapyndan Aşgabatda geçirilen iň çylşyrymly saýlama synagyndan geçen ilkinji çykyş edenler hem bar.

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewizion wiktorina geçirilerAstrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewizion wiktorina geçiriler

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewizion wiktorina geçiriler

2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Bu sene mynasybetli medeni, döredijilik we ylmy çäreler Russiýada hem geçiriler. Şahyryň belentden hatyralanýan we döredijiligine hormat goýulýan ýerleriň biri bolan Astrahan oblastynda Magtymgulynyň döredijiligine we ruhy mirasyna bagyşlanan birnäçe çäreler meýilleşdirildi.