Habarlar

Amerikan ýerine ýetirijileri Türkmenistana Brodweýiň sazlaryny getirýärlerAmerikan ýerine ýetirijileri Türkmenistana Brodweýiň sazlaryny getirýärler

Amerikan ýerine ýetirijileri Türkmenistana Brodweýiň sazlaryny getirýärler

Düýn, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde Brodweýiň sazlary Aşgabadyň aýdym-saz muşdaklaryny gurşap aldy. Bilelikdäki Amerikan-Türkmen konsertinde “Chicago”, “Phantom of the Opera” we “Annie” ýaly mýuzikllardan nusgawy eserler ýaňlandy. Amerikan sungat işgärleri Keýt Bass we Äron Ýaň, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň solistleri, şeýle hem Mary we Lebap ýaşlar horlary sahnada bilelikde çykyş etdiler. Mundan öň bilelikdäki çykyşlar Mary we Türkmenabat şäherlerinde geçirilip, konsertler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdiTürkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdi

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň senetçilik we aýdym-saz däpleri Maryda geçirilen festiwalda birleşdi

14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.

TMK-nyň talyby Halkara “Glieriň güýzi” bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragynyň eýesi boldyTMK-nyň talyby Halkara “Glieriň güýzi” bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragynyň eýesi boldy

TMK-nyň talyby Halkara “Glieriň güýzi” bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragynyň eýesi boldy

Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.