HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda fortepiano sazlarynyň agşamy geçiriler

Dekabr 11, 2023 | 00:39 |9066
19-njy dekabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konserti guralar.19-njy dekabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konserti guralar.
Çeşme: orient.tm

19-njy dekabrda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň konserti guralar.

“Üýtgeşiklikler üçin ötünç” atly fortepiano sazlarynyň agşamynda Mosartyň, Gaýdnäniň, Bethoweniň, Bramsyň we Gendeliň ajaýyp saz eserleri muşdaklara hödürlener. Adyndan görnüşi ýaly, bu konsertde maestro üýtgeşikliklerine üns çekilip, diňleýjileri bu täsin usula ýakynlaşdyrar.

Şeýle hem bu agşam diňleýjileriň hormatly ussat bilen ýeke-täk duşuşygy bolmajakdygyny bellemelidiris - paýtagtdan başga-da, Wladimir Mkrtumowyň Türkmenabat we Mary şäherlerinde konsertleri geçiriler.

Fortepiano agşamlarynyň geçirilýän günleri:

• 17-nji dekabr, 10:00 - Türkmenabat şäheriniň sungat mekdebi (aýdym-saz mekdebi);
• 17-nji dekabr, 16:30 - Mary şäheriniň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite aýdym-saz mekdebi.
• 19-njy dekabr, 18:30 - Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy.

Konsertleriň hemmesine giriş töelgsizdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026